Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda elektrik togunyň kesilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy. Elektrik togy etraplarda birnäçe sagatlyk tapgyrlaýyn öçürilýär we ýaşaýyş jaýlar hem-de edara-kärhanalary toksuz galýar. Azatlygyň çeşmeleri toguň belli bir pursatlarda we uzak wagtlap öçürilýän halatlarynda ogurlugyň ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Soňky aýlarda zawodlarda we kärhanalarda elektrik simleriň ogurlanmagy bilen bagly ýagdaýlar köpelipdir.
"Meselem, kerpiç zawodlarynda, gurluşyk firmalarynda gurallary we işleýän agyr tehnikanyň dürli görnüşlerini, şol sanda ýük göterijileri tok bilen üpjün edýän galyň mis kabelleri tutuşlygyna çapylyp alynýar, käte çapylman, daşyny dilip diňe içinden geçýän mis simlerini alýarlar" diýip, kanun goraýjy çeşme gürrüň berdi.
Çeşmeleriň sözlerine görä, şeýle ýagdaýa duçar bolan we polisiýa ýüz tutan kärhanalaryň sany köpelýär.
"Häzirlikçe derňewlerden netije ýok, ogryny tutup bolanok, polisiýa işgärleri mis söwdasy bilen meşgullanýan adamlary sorag astyna alýar, emma olardanam häzirlikçe belli bir jogap tapyp bolmady" diýip, polisiýadaky çeşme gürrüň berdi.
Mis simlerinden başga-da, dükanlarda we gurluşyk ýerlerinde bolan ogurlyk ýagdaýlary hasaba alynýar. Gurluşyk meýdanlarynda armatura demirleri, turbalar, sement we beýleki gurluşyk serişdeleri we enjamlary köp ogurlanýar.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler bu ýagdaýlaryň soňky wagtda has köpelendigini belläp, munuň sebäbini elektrik energiýasynyň köp we uzak wagtlap öçürilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.
"Islendik bir markete baryp, dükanlara girip tok öçen mahaly islän harydy alyp, horjunlaryňy we kiseleriňi dolduryp çyksaňam hiç bir wideo ýazgy etmeýär, sebäbi kameralar işlemeýär" diýip, dükan eýesi aýdýar.
Lebapda we Maryda, şol sanda ýurduň elektrik energiýasyny öndürýän iri desgalarynyň ýerleşýän sebitlerinde elektrik energiýasy iýul aýyndan bäri uzak wagtlap öçürilýär. Mundan öň Balkan welaýatynda hem elektrik energiýasynyň duýdansyz we sebäbi düşündirilmezden öçürilýän ýagdaýlary köp bolupdy.
Soňky hepdelerde toguň uzak wagtlap öçürilmegi Daşoguzda hem ýüze çykypdyr.
Kanun goraýjylaryň aýtmagyna görä, tok bolman, kameralaryň işlemezligi jenaýatçylygyň üstüni açmak işini kynlaşdyrýar.
"Ogurlyk, uruş, ölüm - islendik bir hadysa bolanda işiň üstüni açmak üçin kameralaryň ýazgysy ulanylýar. Işimiz jenaýat bolan ýerleriniň golaýynda ornaşdyrylan wideo ýazgy edýän kameralaryň ýazgysyny öwrenmekden başlanýar, häzir düýbünden başga ýagdaý. Biz nämeden başlajagymyzy bilemzok, häzir jenaýat gaty kän. Biz hatda öz hojalyklarymyza zyýan ýetse-de kimden we nämeden, nireden başlajagymyzy bilemzok" diýip, polisiýa işgäri gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, tok kesilse, kameralardaky energiýa 30 minuda ýetýär we ondan soň ýazgy edip bilmeýär, tok bolsa azyndan 2-3 sagatlap kesilýär.
Şeýle-de, kanun goraýjylaryň bellemegine görä, soňky döwürde kameralar oturdylýar we edara-kärhanalarda, söwda nokatlarynda hem-de hojalyklarda başga gözegçilik edilmeýär. "Sebäbi edaralar, firmalar, dükanlar, telekeçiler her aýda aýlyk töläp garawul saklamaga mätäçlik ýok diýip hasaplaýar" diýip, polisiýa işgäri aýdýar.
Soňky hepdelerde, hususan-da, Lebapda elektrik togy "tapgyrlaýyn" ilatly ýerlerde "her gün durnukly görnüşde 3-5 sagatlyk" öçýär, käwagt 18-20 sagatlap bolmaýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna we çeşmelerine görä, tomsuň yssysynda hojalyklar toksuz galýar, azyk sowadyjylary, split sistemalar, telewizorlar we öý internet enjamlary ýaly gymmat gurallar sandan çykýar. Dükanlarda azyk harytlary zaýalanýar.
Elektrik energiýasynyň kesilmegi we munuň sebäpleri ýerli häkimiýetler tarapyndan agzalmaýar.
Elektrik energiýasyny uly mukdarda öndürip, sebit goňşularyna satýan Türkmenistanyň döwlet mediasynda ýurduň içinde elektrik üpjünçiligindäki bu agyr bökdençlikler düýpden gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum