Ysraýyl häkimiýetleri Gazany gözegçilige almak üçin ses berdiler

Gazanyň demirgazygyndaky Beýt Lahia şäherinde ynsanperwer kömegini alyp barýan adamlar. 2025-nji ýylyň 27-nji iýuly.

Ysraýylyň harby-syýasy kabineti Gaza zolagyny gözegçilik astyna almak üçin ses berdi. IDF, ysraýyl goşuny 2025-nji ýylyň awgustyna çenli Gaza zolagynyň tutuş meýdanynyň 75% -den gowragyny öz gözegçiligine aldy. Bu meýilnamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagy 7-nji awgust agşamy başlandy.

Premýer-ministriň edarasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, urşy tamamlamak üçin Ysraýylyň Gaza zolagynda howpsuzlyga gözegçilik etmegini, Hamas toparynyň ýaragsyzlanmagyny (ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy diýlip ykrar edilen topar), zamun alnanlaryň yzyna gaýtarylyp berilmegini, Gaza zolagynyň ýaragsyzlandyrylmagyny we Hamas ýa-da Palestina milli häkimiýeti bilen baglanyşygy bolmadyk alternatiw raýat hökümetiniň düzülmegini öz içine alýan bäş ýörelge kabul edildi.

Ysraýylyň Goranmak güýçleri, ysraýyl hökümetiniň aýtmagyna görä, Gaza şäheriniň gözegçiligini ele geçirmäge, şol bir wagtda-da söweş zolaklarynyň daşyndaky parahat ilaty ynsanperwerlik kömegi bilen üpjün etmäge taýýarlanýar.

Benýamin Netanýahu ses berişlik başlanmazyndan birnäçe sagat öň Amerikanyň “Fox News” teleýaýlymyna beren interwýusynda Ysraýylyň basyp alyşdan soň bu zolaga syýasy gözegçiligi ýola goýmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.